Pezeşkiýan: Hazar Deňiziň mümkinçiliklerinden sebit milletleriniň bähbitleri ugurda haýyrlanylmaly
Eýranyň mejlis başlygynyň oruntutary Masud Pezeşkiýan Tehran we Moskwa döwletleri hazar ýakasynda ýerleşen başga döwletleriň arkalaşygy bilen hazae deňiziniň mümkinçiliklerinden sebit ilatynyň bähbitleri ugurda haýyrlanyp biljekdirler diýdi.
Masud Pezeşkiýan Aktau şäherinde Eýran, Gazagystan, Orsýet ýurtlarynyň parlament hyzmatdaşlyklary boýunça maslahatynyň ýanynda Orsýetiň parlament toparynyň başlygy Sergeý Blosow bilen geçiren duşuşygynda Siriýada kynçylyklary azaltmak ugurda Eýran bilen Orsýetiň täsirli hyzmatdaşlyklary başga ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklara şol sanda ykdysady we söwda hyzmatdaşlyklaryna hem gowy ülňi bolup biljekdir diýip nygtady.
Sergeý Blosow hem bu duşuşykda Tehran-Moskwanyň ösüşe bakan gatnaşyklaryny kanagatlanma bilen beýan edip hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi sebitiň howpsuzlygyndan aýry ykdysadyýetine hem köp peýdalary boljakdyr diiýp nygtady.