Safawi: Liebermanyň wezipesinden çekilmegi Palestinanyň çydam toplumynyň ýeňişiniň alamatydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň ýokary derejeli maslahatçysy we kömekçisi serleşger Seýt Ýahýa Safawi Sionist režimiň uruş ministriniň wezipesinden kenara gitmegi Palestinalylaryň soňky wagtlardaky ýeňişleriniň alamatydyr diýdi.
Isna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,serdar serleşger Seýt Ýahýa Safawi şu gün beren gürrüňlerinde gudrat deňligiň Palestinalylaryň nepine üýtgändigine we harby söweşde Palestinalylaryň üstünlik gazanandyklaryna yşarat edip Sionist režiminiň uruş ministri Awigdor Liebermanyň wezipesinden çekilmegi bu režimiň şowsyzlygynyň alamatydyr diýip beýan etdi.
Sionist režimi basyp alynan ülkelerde ýaşaýan sionistleriň howpsyzlygyny üpjün edip başarýan däldir we çydam toplumynyň raketalary bu režime uly wehime öwrülendir diýip serdar Safawi aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň ýokary derejeli maslahatçysy we kömekçisi sözüniň dowamynda yslam çydam toplumy indi Liwan,Siriýa,Yrak we Ýemenden basyp alynan Palestina çenli ýaýrandyr we durmuşda Palestina hem bir gudrata dönendir diýmek bilen geljek 25 ýyllykda sebitden Sionist režiminiň ýok olmagyny umyt etdi.