Amir Abdollahiýan: gadaganlyklar boýunça Amerikanyň ruhy uruşy netije bermez
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Hoseýin Amir Abdollahiýan Eýrana garşy gadaganlyklar baradaky Amerikanyň ýola beren ruhy urşynyň netijä baryp çatmajakdygyna şek-şübhe ýokdyr diýdi.
Hoseýin Amir Abdollahiýan Tehranda malaýziýanyň ilçiçsi Rostam Ýahýa bilen geçiren duşuşygynda Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyran zalymlykly gadaganlyklaryna yşarat edip gadaganlyklar barada Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň başga ýurtlaryň arasyna salan gorkysy gadaganlyklaryň hakykatyndan ulyrakdyr diýip nygtady.
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Hoseýin Amir Abdollahiýan sözüniň dowamynda Eýran bilen malaýziýanyň oňaýly we gadymy gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtap geçdi.
Rostam ýahýa hem bu duşuşykda Eýran bilen malaýziýa ýokary syýasy gatnaşyklardan paýlydyrlar diýip beýan etdi.