Yrakçi:Ýewropalylar ykdysady borçlaryna amal etsinler
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Tehran döwleti ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna amal edendir oňa görä Ýewropa bileleşiginden hem syýasy borçlary bilen bir wagtda ykdysady borçlaryna hem amal etmegine garaşýandyr diýip yglan etdi.
şu gün Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýt Abbas Yrakçi Rom şäherinde Eýran bilen Italiýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň syýasy geňeş mekanizmi boýunça geçiren maslahatynda eden çykyşynda Amerika döwleti ýadro ylalaşygyndan çykmagy bilen birleşen milletler guramasynyň 2231-nji karar hatyny bozandyr diýmek bilen Waşington döwleti diňe ýadro ylalaşygyndan çykmak bilen kanagatlanman başga ýurtlary hem bu ylalaşykdan çykmaga şowuklandyrýandyr diýip nygtady.
Yrakçi Rom saparynyň gidişinde Italiýanyň resmileriniň bir näçesi bilen hem duşuşyp gürrüň etjekdir.