Ruhani:sebitiň ösüşi we durnuklylygy ugurda Eýran bilen Yrak ýörite rola eýedirler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4152-ruhani_sebitiň_ösüşi_we_durnuklylygy_ugurda_eýran_bilen_yrak_ýörite_rola_eýedirler
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani geçen näçe ýyllaryň boýunda Aziýanyň günbatarynda ýüze çykan dartgynlylyga yşarat edip Eýran bilen Yrak döwletleri iki täsir galdyryjy ýurt adynda sebitiň durnuklylygy we ösüşi ugurda ýörite roly ýerine ýetirip biljekdirler diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 17, 2018 16:54 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:sebitiň ösüşi we durnuklylygy ugurda Eýran bilen Yrak ýörite rola eýedirler

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani geçen näçe ýyllaryň boýunda Aziýanyň günbatarynda ýüze çykan dartgynlylyga yşarat edip Eýran bilen Yrak döwletleri iki täsir galdyryjy ýurt adynda sebitiň durnuklylygy we ösüşi ugurda ýörite roly ýerine ýetirip biljekdirler diýdi.

şu gün prezidenti Hasan Ruhani Tehranda Eýran bilen Yragyň ýokary derejeli toparlarynyň maslahatynda eden çykyşynda Yragyň prezidentiniň Tehrana gurnan sapary Eýran bilen Yragyň köp ugurly hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi ugurda täze ädimdir diýmek bilen howpsyzlygy berkarar etmek we ösüşi ugurdaky Yragyň gazanan üstünligi iki döwletiň we sebitiň bähbitinedir diýip nygtady.

Ruhani şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy geçen ýyllaryň boýunda Yragyň howpsyzlygy we ösüşi ugurda bu ýurdyň döwletiniň we milletiniň ýanyndadygyny belli edendir diýip sözüne goşdy.

Yragyň prezidenti Barham Saleh hem bu duşuşykda eden çykyşynda Tehran-Bagdadyň iki taraplaýyn we näçe taraplaýyn hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini nygtamak bilen Bagdat döwleti Eýrana garşy amala aşyrylýan gadaganlyklara ýa-da duşmançylykly syýasatlara goşulmaz diýip yglan etdi.

Yragyň prezidenti Tehrana gurnan saparynyň dowamynda şu gün Eýranyň mertebesi belent ýolbaşçysy hemde Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary bilen hem duşuşdy.