Ruhani:sebitiň ösüşi we durnuklylygy ugurda Eýran bilen Yrak ýörite rola eýedirler
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani geçen näçe ýyllaryň boýunda Aziýanyň günbatarynda ýüze çykan dartgynlylyga yşarat edip Eýran bilen Yrak döwletleri iki täsir galdyryjy ýurt adynda sebitiň durnuklylygy we ösüşi ugurda ýörite roly ýerine ýetirip biljekdirler diýdi.
şu gün prezidenti Hasan Ruhani Tehranda Eýran bilen Yragyň ýokary derejeli toparlarynyň maslahatynda eden çykyşynda Yragyň prezidentiniň Tehrana gurnan sapary Eýran bilen Yragyň köp ugurly hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi ugurda täze ädimdir diýmek bilen howpsyzlygy berkarar etmek we ösüşi ugurdaky Yragyň gazanan üstünligi iki döwletiň we sebitiň bähbitinedir diýip nygtady.
Ruhani şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy geçen ýyllaryň boýunda Yragyň howpsyzlygy we ösüşi ugurda bu ýurdyň döwletiniň we milletiniň ýanyndadygyny belli edendir diýip sözüne goşdy.
Yragyň prezidenti Barham Saleh hem bu duşuşykda eden çykyşynda Tehran-Bagdadyň iki taraplaýyn we näçe taraplaýyn hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini nygtamak bilen Bagdat döwleti Eýrana garşy amala aşyrylýan gadaganlyklara ýa-da duşmançylykly syýasatlara goşulmaz diýip yglan etdi.
Yragyň prezidenti Tehrana gurnan saparynyň dowamynda şu gün Eýranyň mertebesi belent ýolbaşçysy hemde Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary bilen hem duşuşdy.