Larijani: Eýran bilen Türkiýe Amerikanyň sebitdäki oýunlaryna garşy göreşmelidirler
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Eýran bilen Türkiýe döwletleri sebit milletleriniň pullaryna talaň salmak we harby ylalaşyklara gol çekmek baradaky Amerikanyň oýunlary hakda sebit ýurtlaryna ägälik bermelidirler diýip nygtady.
Ali larijani Stambulda geçirlen Aziýa ýurtlarynyň parlamentara ýygnagynyň10-nji maslahatynyň ýanynda Anadoly habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyp Aziýada amala aşyran syýasatlary ýurtlary birek-birege gunuşdyrandyr diýmek bilen sebitiň möhüm ýurtlary şol sanda Eýran we Türkiýe Amerikanyň sebitdäki mekirli hilelerini sebit ýurtlaryna açyklap bermelidirler diýip nygtady.
Larijani şeýle-de Amerika bir wagtda Taliban toparyny we soňky wagtlarda DAEŞ-i döretdi we şeýdip hem sebit ýurtlarynyň baýlyklarynyň elden gitmegine we sionist režimiň bähbitleriniň üpjün bolmagyna şert döredendir diýip sözüne goşdy.