Eýranyň Çabahar etrapynda amala aşyrylan terrorçylykly hüjüm ýazgaryldy
(last modified Fri, 07 Dec 2018 11:59:57 GMT )
Dec 07, 2018 16:59 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Çabahar etrapynda amala aşyrylan terrorçylykly hüjüm ýazgaryldy

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ýurdyň günorta gündogarynda ýerleşen Çabaharda ýüze çykan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

düýn penşenbe güni bir terrorçy Eýranyň Sistan we Baluçestan welaýatynyň Çabahar etrapynda bir harby merkeze garşy amala aşyran hüjümlerinde içi bombadan doly bolan awtoulagyny ýaňky harby merkeziň derwezesinde partlatdy.

bu hüjümde 2 harby öldi we Çabaharyň 40 raýaty ýaralandy.bu hüjümi amala aşyran terrorçy hem heläk boldy.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sebitde ekstremizmi we zorlukly hereketleri rowaç berýän we terrorçylary goldaýan ýurtlar bu günki gün terrorçylar üstünli sebit ýurtlaryň hyzmatdaşlygy bilen amala aşyrlyp duran ykdysady ösüşe urgy urmak üçin Çabaharda bu hili jenaýata baş goşýandyrlar emma olar bilip goýsynlar bu jenaýat babaly ýakynlykda agyr tawany berjekdirler diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif hem Çabaharda ýüze çykan terrorçylykly hüjümi ýazgarmak bilen terrorçylaryň we olary goldan taraplaryň gaty jezalandyryljakdygyny yglan etdi.

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Ishak Jahangiri hem Eýranyň Çabaharynda amala aşyrlan terrorçylykly hüjümi ýazgaryp bu jenaýatçylykly hereketiň agzalalyk döretmek niýeti bilen Eýran milletiniň duşmanlary tarapyndan ýola berilenligini aýtdy.

duşmanlaryň bu mekirli hereketleri hem öňkiler ýaly şowsyzlyga uçrajakdyr diýip Jahangiri sözüne goşdy.

Kuweýt,Pakistan,Owganystan we Hindistan döwletleri hem bu terrorçylykly hüjümi ýazgardylar.

Tags