Dec 07, 2018 22:20 Asia/Ashgabat
  • Türkiýe bilen Owganystanyň mejlis başlyklary Tehrana geldiler

Türkiýe bilen Owganystanyň mejlis başlyklary terrorizme garşy göreşmek barada Aziýanyň 6 ýurdynyň mejlis başlyklarynyň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Tehrana geldiler.

Türkiýäniň mejlis başlygy Bin Ali Ýyldyrym bilen Owganystanyň mejlis başlygy Abdulrauf Ibrahimi erti Tehranda Owganystan,Eýran,Pakistan,Türkiýe,Hytaý we Orsýetiň mejlis başlyklarynyň terrorizme garşy göreşmek baradaky 2-nji konwensiýasyna gatnaşjakdyrlar.

Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani,mejlis başlygy Ali Larijani we bu maslahata gatnaşýan ýurtlaryň mejlis başlyklary erti Tehranda geçiriljek konferensiýada çykyş etjekdirler.

bu konferensiýada terrorizme garşy göreşmegiň,parahatçylygyň berkarar edilmeginiň hemde durnukly ösüşiň dürli taraplaryna garaljakdyr.

bu maslahatyň birinji döwüri terrorizme garşy göreşmek we sebitleýin aragatnaşyklary pugtalandyrmak mazmunlary bilen ýaňky ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçirilipdi.

Tags