Tehran konferensiýasynyň soňky beýannamasynda terrorizme bilen garşylaşmak üçin arkalaşyklaryň artdyrylmagy nygtaldy
Eýran,Owganystan,Pakistan,Türkiýe,Hytaý we Orsýetiň mejlis başlyklary Tehran konferensiýanyň soňky beýannamasynda terrorizm bilen garşylaşmak we sebitleýin hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmak ugurda arkalaşyklaryň pugtalandyrylmagyny nygtadylar.
Şeýle-de Eýran,Owganystan,Pakistan,Türkiýe,Hytaý we Orsýetiň mejlis başlyklarynyň Tehranda geçiren 2-nji konferensiýasynyň soňky beýannamasynda terrorizm we ekstremizm bilen garşylaşmak ugurda halkara hyzmatdaşlyklary ýeňilleşdirmekde Birleşen Milletler Guramanyň esasy roly nygtalandyr.Tehran Konferensiýasyna gatnaşan mejlis başlyklary terrorizmiň weýran ediji täsirlerinden howatyrlanma bildirmek bilen bir wagtda sebitde parahatçylygyň we howpsyzlygyň berkarar bolmagyny,sebit ýurtlaryň ösüşini we sebitde terrorizmiň ähli şekilleriniň ýok edilmegini nygtap gepleşik geçirilmeginiň zerurlygyny beýan etdiler.Bu beýannamanyň dowamynda Eýran , Owganystan ,Pakistan, Türkiýe Hytaý we Orsýetde amala aşyrylan terrorçylykly hüjümler ýazgarylmakdan aýry terrorizme garşy göreşmek ugurda Tehran konferensiýasyna gatnaşan ýurtlaryň howpsyzlyk guramalarynyň hyzmatdaşlyk etmekleri üçin çäre görülmegi nygtaldy.Eýran,Owganystan,Pakistan,Türkiýe,Hytaý we Orsýetiň mejlis başlyklary şeýle-de Owganystanda parahatçylygy berkarar etmek we terrorizmiň,ekstremizmiň we neşe söwdasynyň sebitleýin wehimlerini ýok etmek ugurda bolýan ähli tagallalary garşy aldylar.Tehran konferensiýasyna gatnaşanlar şeýle-de Jamu we Kaşmir meselesiniň parahatçylykly ýollar we Birleşen Milletler Guramanyň howpsyzlyk geňeşiniň karar hatlary arkaly çözülmelidir diýip yglan etdiler.Eýran,Owganystan,Pakistan,Türkiýe,Hytaý we Orsýetiň mejlis başlyklary şeýle-de garaşsyz döwleti gurmak baradaky Palestina ilatynyň hak hukuklaryny goldadylar.Eýran,Owganystan,Pakistan,Türkiýe,Hytaý we Orsýetiň mejlis başlyklarynyň 3-nji konferensiýasy 2019-nji ýylda Türkiýede geçiriljekdir.