mertebesi belent ýolbaşçy: Eýranyň duşmanlary ahlak we syýasy pysatçylyga gark bolandyrlar
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri mukaddes gorag döwrüniň hemde haram goraýjy şeýle-de goranyş şehitleriniň birnäçesiniň maşgala agzalary beren geçiren duşuşygynda Eýranyň duşmanlary ahlak we syýasy pysatçylyklara gark bolandyrlar diýmek bilen egerde Amerikany dogry tanajak bolsaňyz Amerikanyň resmilerine we bu ýurdyň prezidentine ser ediň diýip nygtadylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri şu gü ertir bilen geçirlen bu duşuşykda Amerikanyň resmilerine garaň, pulparazlygy, hakyň köýdürilmegini we ynsanlaryň janlaryna we mallaryna üns berilmeýänligini görüň, Ýemen bir mysaldyr, jenaýaty saudylar edýäärler emma bu jenaýatlaryň şärigi Amerikadyr , özi hem ykrar edýär. şypahana, bazar we jemgyýetiň üýşýän mekanlaryny urýarlar, bular jenaýatdärdirler, Amerikanyň keşbi şudyr diýip sözlerine goşdylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi HezretleriAmerikalylaryň soňky iki ýylda eden işlerine ylaýtada köpugurly gadaganlyklarawe Eýranyň dürli duşmanlaryna kömek etmeklerine yşarat edip olaryň planlaryny suwa dökülen planlar bilip , olar gadaganlyklar we howpsuzlyga garşy işleri bilen ýurtda agzalalyk döredip ýurdy dürli toparlara bölüp olaryň arasynda uruş turuzmaklygy we käleri hem köçelere çekilmekligi maksat edindiler, onuň adyna hem gaty yssy tomus goýupdylar emma duşmanlaryň tersine üstümizdäki ýylyň tomusy iň gowy tomuslaryň biri boldy diýip nygtadylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de Amerikaly resmileriň Yslam respublikasy özüniň 40 ýyllygyny görjekdäldir diýen gürrüňlerine yşarat edip Eýranyň milleti mäkäm durandyr we hudaý tagalanyň merhemeti bilen bahman aýyň 22-sinde yslam ynkylabyň 40-njy ýyllygyna degişli dabaralary öňkilerden hem şowhunlyrak geçirjekdir diýdiler..