Zangene:OPEK-yň soňky maslahaty Amerika üçin ýene bir şowsyzlyk bolandyr
Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangene ýurdyň tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde nebit eksport edýän ýurtlar guramasynyň soňky wagtlarda Wenada geçiren maslahaty Amerika üçin ýene bir şowsyzlyk bolandyr diýdi.
Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangene sözüniň dowamynda Wena maslahaty gaty agyr we Amerikanyň basyşy astynda geçendir diýmek bilen bu maslahatda basyşlaryň agramly tarapy Eýranyň iki goňşysy tarapyndan bolandyr we olaryň bu hereketi dostlukly däldi diýip beýan etdi.
Zangene şeýle-de Eýran egerde özüniň nebit önüminiň azaldylmagyny kabul eden bolsady Eýranyň nebit eksporty 600 müň çelek azalýardy emma Eýran bu meseleden halas boldy diýip nygtady.
Eýranyň nebit ministri sözüniň dowamynda OPEK guramasy bir näçe howpa gabat gelip durandyr we onuň bir bölegi daşarydan we käleri hem içeridendir diýip nygtap geçdi.
OPEK guramasynyň 175-nji maslahaty geçen penşenbe we juma günlerinde(6 we 7-nji Dekabrda) Wenada geçirildi.
Eýrandan başga OPEK-e agza ýurtlar bu maslahatda jemi nebit önümlerini günde 800 müň çelek azaltmak barada ylalaşyga ýetdiler.