Ruhani: indi Amerika syýasatlaryny sebite töňkäp başarmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4363-ruhani_indi_amerika_syýasatlaryny_sebite_töňkäp_başarmaz
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani başgalara öz aýdanyňy etirip bolýan döwür geçendir we müňlerçe kilometr daşda bolan Amerika döwleti syýasatlaryny sebit milletlerine töňkäp başarmaz diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Dec 19, 2018 20:15 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: indi Amerika syýasatlaryny sebite töňkäp başarmaz

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani başgalara öz aýdanyňy etirip bolýan döwür geçendir we müňlerçe kilometr daşda bolan Amerika döwleti syýasatlaryny sebit milletlerine töňkäp başarmaz diýdi.

şu gün ikindin prezident Hasan Ruhani Tehrandan Ankara ugramazdan öňürti habarçylaryň arasynda edebn çykyşynda Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary baradaky Türkiýäniň ileri süren pozisiýasy başga goňşy döwletler ýaly berk we täsirli bolandyr diýip beýan etdi.

Eýran bilen Türkiýäniň strategik ýokary geňeşiniň 5-nji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen bir topara ýolbaşçylyk edip Ankara sapar eden prezident Hasan Ruhani bu saparyň gidişinde ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara möhüm meseleler barada pikir alşyljakdyr şeýle-de ykdysady, bank we nergiýa, nebit we gaz ugurlardaky söwda hyzmatdaşlyklary barada hem gürrüň ediljekdir diýip habar berdi.

prezident Ruhani şeýle-de Türkiýe saparynda Eýran bilen Türkiýäniň täjirleriniň we söwdagärleriniň hususy kompaniýalaryň çarçuwasynda iki ýurdyň prezidentleri bilen duşuşjakdyklaryny hem yglan etdi.

Ankara saparynda ekologiýa meseleleri hemde Eýran bilen Türkiýäniň sebitleýin hyzmatdaşlyklary barada hem gürrüň ediljekdir diýip Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüne goşdy.