Harrazi: Amerikalylar Arabystany batlaga tarap iterendirler
Eýranyň daşary gatnaşyklar boýunça strategik geňeşiniň başlygy Kamal harrazi Amerikalylar Arabystany batlaga tarap iterendirler we durmuşda Al-Riad döwleti Amerikalylaryň gullukçysyna dňnendir diýip nygtady.
Kamal Harrazi Liwanyň Al-Ahd habar saýty bilen geçiren söhbetdeşliginde Arabystan bilen Amerikanyň hyzmatdaşlyklaryna yşarat edip Amerikalylar AlSaud režiminiň başlyklaryny batlaga oklandyrlar we Donald Trampyň aýdyşyna görä Waşington döwleti saudylary sagmagyň yzyndadyr diýip beýan etdi.
Eýranyň daşary gatnaşyklar boýunça strategik geňeşiniň başlygy Kamal harrazi sözüniň dowamynda Ýemende atyşygy bes etmek barada Şwesiýa gepleşiklerinde hasyl bolan netijäni garşylamak bilen Tehran döwleti Ýemenli taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň dowam etdirilmegini garşylaýar diýip yglan etdi.
Eýranyň daşary gatnaşyklar boýunça strategik geňeşiniň başlygy Kamal harrazi sözüniň soňunda Ýemenli taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň bu ýurdyň milletiniň bähbidine bolmagyny arzuw etdi.