Amir Abdullahiýan:Ýemeniň gurşawy gutarmalydyr
(last modified Sun, 23 Dec 2018 18:10:23 GMT )
Dec 23, 2018 23:10 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahiýan:Ýemeniň gurşawy gutarmalydyr

Eýranyň mejlisiniň başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Huseýin Amir Abdullahiýan Birleşen Milletler Guramasy atyşygy bes edişi ýöretmek bilen bir wagtda Ýemeniň gurşawyny herne basym ýatyrmak ugurda hem tagalla etmelidir diýdi.

şu gün Huseýin Amir Abdullahiýan twetter sahypasynda Ýemende ilata hasda zenanlara we çagalara garşy hem taraplaýyn ynsanlyk gadaganlyklar dowam edýändir diýip yglan etdi.

Amir Abdullahiýan şeýle-de bu taryhy ýurdyň weýran bolmagynyň we Ýemenli zenandyr çagalaryň gyrana berilip horlyk çekmekleriniň jogapkärleri Amerika,Saud Arabystan we Birleşen Arap Emirlikleridir diýip nygtady.

Saud Arabystan ýurdy Amerika,Birleşen Arap Emirlikleri we ýene bir näçe ýurdyň goldamaklary bilen 2015-nji ýylyň Martyndan Ýemene hüjüm edip bu ýurdy gury ýerden howadan we deňizden gurşap başlady.

Arabystanyň Ýemene garşy uruşy bu ýurdyň azyndan 14 müň raýatynyň ölmegine we 10 müňleçesiniň ýaralanmagyna we millionlarçasynyň awara bolmaklaryna sebäp bolandyr.