Eýran bilen Türkiýäniň arasynda iki hyzmatdaşlyk senede gol çekildi
Nov 26, 2017 20:44 Asia/Ashgabat
-
Eýran bilen Türkiýäniň arasynda iki hyzmatdaşlyk senede gol çekildi
Eýran bilen türkiýäniň bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň 26-njy nobatynyň soňunda iki ýurduň arasynda tehniki we inženerlik hyzmatdaşlyklary barada bir ylalaşyga şeýle-de bir meýilnama gol çekildi.
Eýranyň senagat, magdan we söwda ministri Muhammet Şariatmadari şu gün Tehranda Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Nihad Zibekçiniň gatnaşmagynda geçirlen Eýran bilen türkiýäniň bilelikdäki 26-njy ykdysady komissiýasynda beren gürrüňlerinde iki ýurduň arasynda gol çekilen ylalaşyklaryň geljekki uly hyzmatdaşlyklara şert döredip bilmegini umyt etdi.
Nihad Zibekçi hem bu duşuşykda Eýran bilen Türkiýe birek-biregiň ýanynda dursalar uly gudrata eýe boljakdyrlar diýip nygtap geçdi.
Tags