Larijani: Tramp Eýrany gorkunç görkezmegiň yzyndadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i443-larijani_tramp_eýrany_gorkunç_görkezmegiň_yzyndadyr
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Amerikaniň prezidenti Donald Tramp Eýrany gorkunç görlezip dünýä ýurtlaryny Eýran bilen aragatnaşykda bolmakdan alyp galjak bolýandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Nov 26, 2017 21:37 Asia/Ashgabat
  • Larijani: Tramp Eýrany gorkunç görkezmegiň yzyndadyr
    Larijani: Tramp Eýrany gorkunç görkezmegiň yzyndadyr

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Amerikaniň prezidenti Donald Tramp Eýrany gorkunç görlezip dünýä ýurtlaryny Eýran bilen aragatnaşykda bolmakdan alyp galjak bolýandyr diýdi.

şu gün Ali larijani Tehranda Ýewropa parlamentiniň Eýran bilen aragatnaşuyklar toparynyň başlygy Ýanuş Lowandowski bilen geçiren duşuşygynda ýadro ylalaşygyna Eýranyň ygrarlylygy aýdyp Amerika we onuň käbir ýaranlarynyň Eýrana garşy esassyz toslamalary bu halkara ylalaşygyň amala aşyrylmagynyň öňüne geçmegine rugsat berilmeli däldir diýip nygtady.

Larijani şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy mydama agzalalyklaryň gepleşikler arkaly çözülmegini yzarlaýandyr diýip sözüne goşdy.

ol sözüniň dowamynda Taliban, DAEŞ we başga terrorçy toparlary Amerika we onuň ýaranlary döredendirler diýip nygtap geçdi.

Ýanuş Lowandowski hem bu duşuşykda ýadro ylalaşygyna Ýewropanyň ygrarlydygyny  we Eýranyň ýanynda durjakdygyny yglan etdi.