Zarif: Amerikanyň Pars aýlagyndaky huzury dawa turuzýandyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif Htaýyň Funiks habar kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde biz şol başda Amerikanyň Pars aýlagyndaky huzurynyň bikanunlygyny hemde dawadöredijidigini yglan etdik diýip nygtady.
Muhammet jawad Zarif sözüniň dowamynda Amerikanyň harby gämisiniň Pars Aýlagynda bolmagynyň zyýany onuň peýdasyndan gaty kändir diýmek bilen AmerikalylaryňPars aýlagyndaky huzurynyň köpelen mahalynda bu sebitdäki ýurtlaryň hemmesi howplara gabat gelendirler diýip beýan etdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif şeýle-de Eýran kuwwatly ýurtdyr we öz bähbitlerini gorap başarýandyr we şu arada zyýan görjek tarap sebit ýurtlarydyr diýmek bilen Eýrana garşy Amerikanyň haýbat atyp başarmagy çetin görünýär diýip sözüne goşdy.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif Amerikaly harbylaryňSiriýadan çykarylmagy barada hem agzap biz Amerikalylaryň näme programmany ileri sürjekdigini bilmeýäris ýöne möhüm bolup durýan zat Waşingtonyň sebitde alyp barýan nädogry syýasatlarynyň üýtgedilmegidir diiýp nygtap gedi.