Serdar Salami: Eýran , bütindünýä imperializmi köp kynçylyklara gabat getirendir
Eýranyň Sepah Pasdaranynyň serkerdesiniň oruntutary Serdar Huseýin Salami Eýranyň yslam ynkylaby bütindünýä düzümini üýtgedip bilýän yslamyň syýasy ideýasynyň başa baran nusgasydyr diýdi.
şu gün Eýranyň Sepah Pasdaranynyň serkerdesiniň oruntutary Serdar Huseýin Salami Tehranda 40 ýyl pitne, 40 ýyl çydamlylyk ady bilen geçirlen maslahatda eden çykyşynda Eýranyň Yslam ynkylabynyň ýeňiş gazanmagy bilen dünýä derejesinde yslam dünýäsi barada täze düşünje rowaç aldy we ilkinji gezek üçin yslam, syýasy hakykaty esasynda hökümet gurdy diýip nygtady.
Eýranyň Sepah Pasdaranynyň serkerdesiniň oruntutary Serdar Huseýin Salami şeýle-de Eýranyň yslam ynkylabynyň sargytlary dünýäniň aglaba ýerlerine ýaýrandyr we hut şu mesele täze özgerişler baradaky howply gözýetimi eziji gudratlaryň garşysynda şekillendirendir diýip sözüne goşdy.