Zarif Eýranyň kosmos programmasy baradaky Pompeoniň toslamasyna gaýtawul berdi
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň daşary işler ministri Maýk Pompeoniň Eýranyň raketa we kosmos programmalary baradaky toslamalaryna gaýtawul berdi.
Muhammet jawad Zarif Maýk Pompeo garap emeli hemrany göterijini kosmosda ýerleşdirmek we raketa synaglary birleşen milletler guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň 2231-nji kararhatyna garşydäldir we bu guramanyň kararhatlaryny bozýan Amerikadyr diýip nygtady.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sözüniň dowamynda Amerikanyň, Eýranyň raketa işleri barada garaýşyny beýan etmäge haky ýokdyr diýmek bilen sylagyň sylag getirişi ýaly wehim hem wehim getirer diýip nygtady.
düýn Amerikanyň daşary işler ministri Maýk Pompeo eden çykyşynda Eýranyň emelihemra göterijileri yklym aşyp bilýän raketalaryň sistemasyndan peýdalanýandyr diýmek bilen Eýran emelihemra göteriji sistemany bejermek programmany yzarlamalydäldir diiýp toslady.