Jan 06, 2019 17:55 Asia/Ashgabat
  • Amir Hatami:Eýranyň goranyş üstünlikleri duşmanlary ejizledendir

Eýranyň goranmak ministri emir sertip Amir Hatami ýurdyň goranyş üstünlikleri we öňüni alyş çäreleri duşmanlary ejizledendir diýdi.

şu gün Amir Hatami Eýranyň günortasynda ýerleşen Fars welaýatynyň merkezi Şiraz şäherinde eden çykyşynda eger duşmanlar Eýranyň gowşak duranlygyny görse mukaddes gorag döwürinde boluşy ýaly Eýrana garşy hüjüme geçmek baradaky şüm pitnesini ýola berjekdirler diýip nygtady.

Eýranyň goranmak ministri emir sertip Amir Hatami sözüniň dowamynda ylym we tehnologiýa ugurdaky ösüşler tizlik bilen öňe barýar diýmek bilen Eýranyň öňüni alyş çäreleri her günde diýen ýaly döwrebaplaşdyrylmalydyr diýip beýan etdi.

Eýranyň goranmak ministri şeýle-de yslam ynkylabynyň gazananlaryna yşarat edip Eýran yslam häkimiýetiniň gymmatly gazananlarynyň birisi imperializma garaşlylygyndan halas bolanlygydyr diýip sözüne goşdy.

Eýranyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatullah Hameneýi hezretleri 2016-nji ýylyň 31-nji Awgustynda Eýranyň goranmak ministrni hemde bu ministrligiň ýokary derejeli jogapkärleri we ekspertleri bilen geçiren duşuşygynda eden çykyşynda goranyş we hüjümçilik kuwwatlylygyň artdyrylmagyny Eýran Yslam Respublikasynyň belli haky hasaplady.

 

Tags