Jan 07, 2019 14:39 Asia/Ashgabat
  • Şamhani: hiç bir ýurt Eýrana hüjüm edip başarmaz

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Eýranyň goranyş başarnyklaryna yşarat edip Eýran şeýle bir kuwwatlydyr welin hiç bir ýurt oňa hüjüm etmegi başarmaz diýip nygtady.

şu gün Ali Şamhani ،Tehranda geçirilýän Aziýanyň günbatarynda goranyş we howpsuzlyk boýunça halkara ýygnagyň ýanynda habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranyň sebitde çykarar ýaly harbylary ýokdyr diýmek bilen Yrak,Siriýa,Owganystan we ýemen ýurtlary özlerini gorandyrlar we Eýranyň harby maslahatçylary diňe harby maslahatlary berdiler diýip nygtady.

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani şeýle-de Eýran bilen Amerikanyň arasynda gepleşik geçirilmegine hem yşarat edip Amerikalylara ynam edip bolmaýar we olar bu meseläni gepleşikleriň gidişinde belli etdiler diýip beýan etdi.

Tags