mertebesi belent ýolbaşçy: Eýran milleti Amerikanyň taryhy şowsuzlyga uçratjakdyr
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri Amerikanylar hoşallyk bilen Eýran milletine garşy durmuşky gadaganlyklar taýsyzdyr diýändirler emma Eýran milleti taryhda mydamlyk galjak şowsuzlygy Amerikalylara töňkejekdir diýip nygtady.
şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri 1978-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Gom ilatynyň taryhy aýaga galşynyň ýyllygy mynasybetli bu şäheriň ilatynyň müňlerçesiniň arasynda eden çykyşynda Amerika bilen Eýran milletiniň esasy we asly meselesi hak bilen batylyň taryhy gapmagarşylygydyr diýmek bilen imerializm we eziji düzgün milletleriň ganyny sorýandyr we Eýranyň yslam ynkylaby bu äşgär zulumyň öňünde durandyr we milletleri oýandyrmak ugurda hem tagalla edendir diýip beýan etdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda dürli ýurtlarda ölüm bolsun Amerik diýen şygaryň eşidilmegi Eýranyň üstünliginiň alamatydyr diýmek bilen duşmanlar Eýrany gorkunç görkezmek, yslamy gorkunç görkezmek we şygany gorkunç görkezmek bilen milletleri azaşdyrjak bolýandyrlar emma milletler yslam Eýrana garşydäldirler we hakykatyň äşgär bolan ýerinde ony goldaýandyrlar diýip nygtadylar.