Jan 12, 2019 19:33 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:2231-nji kararhat Eýranyň raketa işlerini gadagan eden däldir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Eýranyň raketa işleri bardaky Fransiýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Agnes Won der Muhllyň aýdan gürrüňiniň jogabynda 2231-nji karar haty Eýranyň goranyş ugurdaky raketa işlerini gadagan eden däldir diýip yglan etdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sözüniň dowamynda Birleşen Milletler Guramanyň Howpsyzlyk Geňeşiniň Eýranyň raketalary barada çykaran 2231-nji kararhat barada nädogry düşünjäni ýaýratmak ugurdaky hereketleri jogapkärçilikden daş hasaplamak bilen Fransiýa döwletinden ýadro ylalaşygyna garşylaryň nädogry toslamalaryny gaýtalamakdan saklanmagyna garaşylýandyr diýip nygtady.

Gasemi Eýranyň raketa programasy milli,kanuny we goranyş ugurlardadyr diýmek bilen ony Eýran milletiniň aýdyň haky hasaplady.

Eýranyň raketa işleri 2231-nji kararhata jebis geýän däldir diýip Fransiýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Agnes Won der Muhll toslandyr.

Tags