Ruhani: Eýranyň daşary syýasaty dünýä bilen önjeýli gatnaşygy berkarar etmek esasyndadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i457-ruhani_eýranyň_daşary_syýasaty_dünýä_bilen_önjeýli_gatnaşygy_berkarar_etmek_esasyndadyr
Eýranyň döwlet baştutany Eýranyň daşary syýasaty dünýä bilen önjeýli we abraýly gatnaşygy berkarar etmek esasyndadyr diýmek bilen Eýran Yslam respublikasy sebit kynçylyklaryny gepleşikler arkaly çözmek ugurda hereket edendir diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 29, 2017 09:22 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýranyň daşary syýasaty dünýä bilen önjeýli gatnaşygy berkarar etmek esasyndadyr

Eýranyň döwlet baştutany Eýranyň daşary syýasaty dünýä bilen önjeýli we abraýly gatnaşygy berkarar etmek esasyndadyr diýmek bilen Eýran Yslam respublikasy sebit kynçylyklaryny gepleşikler arkaly çözmek ugurda hereket edendir diýip yglan etdi.

öten agşam prezident Hasan Ruhani göni tele ýaýlymda eden çykyşynda terrorizme garşy göreşmekde Yrak bilen Siriýa ýurtlaryna Eýranyň beren kömeklerine şeýle-de Yrak Kürdüstanynyň meselesi baradaky Eýran, Türkiýe we Yrak döwletleriniň hyzmatdaşlyklaryna yşarat edip Eýran sebitde parahatçylygy berkarar etmegiň yzyndadyr diýip yglan etdi.

prezident Hasan Ruhani Arabystandan başga Eýranyň sebitiň başga ýurtlary şol sanda Orsýet, Türkiýe, Yrak, katar, Owganystan we Pakistan bilen gowy aragatnaşykdan paýlydygyny aýdyp Arabystan döwleti sebitdäki şowsuzlyklarynyň hemde içerki dartgynlylygynyň üstüni basyrmak maksady bilen Eýrany duşman edip görkezýändir diýip nygtady.

Ruhani şeýle-de Arabystan döwletiniň , katar, Yrak, Siriýa we Liwan ýurtlarynda amala aşyran syýasatlary şowuna bolan däldir diýmek bilen Rýad döwleti öňki ýalňyşlyklaryny gaýtalap öz kynçylyklaryny artdyrýandyr diýip sözüne goşdy.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda Eýran bilebn Ýewropa Bileleşiginiň gowy gatnaşyklaryna hem yşarat edip Eýranyň dünýä çurtlary bilen söwda gatnaşyklarynyň ýüzüniň ösüşe taraplygyny aýtdy.

Ruhani şeýle-de Eýranyň sebitde Energiýa, demirýol we internetiň merkezine öwürlenligini hemde goňşy ýurtlaryň aglabasy bilen elektrik aluw.beruw edýänligini nygtap geçdi.

Eýranyň demir ýol ulgamy golaý geljekde goňşy ýurtlaryň hemmesine birikdiriljekdir diýip sözüne goşdy.