Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda harby hyzmatdaşlyk protokolyna gol çekildi
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serleşger Muhammet Bageri bilen Azerbaýjan Respublikasynyň goranmak ministri Zaker Hasanow iki ýurdyň harby hyzmatdaşlyk protokolyna gol çekdiler.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä şu gün Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serleşger Muhammet Bageri bilen Azerbaýjan Respublikasynyň goranmak ministri Zaker Hasanowyň arasynda gol çekilen protokol esasynda Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasy harby we tehniki taýdan hyzmatdaşlyklaryny ösdürjekdirler.
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serleşger Muhammet Bageri bu protokola gol çekenden soňra habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynyň Logestika, öwrediş we operasiýalar baradaky tejribeleriniň ösdürilmegi zerurlyklardandyr diýip nygtady.
Zaker Hasanow hem habarçylaryň arasynda Azerbaýjan respublikasynyň toprak bitewiligini goldamak baradaky Eýranyň pozisiýasy babatly gadyrdanlyk bildirmek bilen iki ýurdyň howpsuzlyk we goranyş hyzmatdaşlyklarynyň geljegi aýdyň görünýär diýip yglan etdi.