Jahangiri:ýadro ylalaşygy baradaky Ýewropanyň işlerinden razy däldiris
Jan 16, 2019 22:10 Asia/Ashgabat
Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Ishak Jahangiri ýadro ylalaşygy baradaky Ýewropanyň işlerinden asla razy däldiris olar daýawrak amal edip başarýardylar diýdi.
Jahangiri sözüniň dowamynda ýadro ylalaşygy baradaky Ýewropanyň syýasy pozisiýasy kanagatlandyryjydyr emma amal ýüzünde daýawrak hereket etmelidir diýip nygtady.
Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary şeýle-de Ýewropalylar öz kompaniýalarynyň Ýewropa Bileleşiginiň syýasatlaryna eýermäni Amerikanyň syýasatlaryna eýerjekdigini çaklamaýardylar diýip sözüne goşdy.
Jahangiri sözüniň dowamynda ýadro ylalaşygyň ykdysady bähbitlerinden Eýranyň hem peýdalanyp bilmegine şert döredilmelidir diýip nygtap geçdi.
Tags