Welaýati:Palestinany goldamak Eýranyň Yslam Ynkylabynyň esasy gymmatlyklaryndandyr
(last modified Wed, 13 Feb 2019 17:14:19 GMT )
Feb 13, 2019 22:14 Asia/Ashgabat
  • Welaýati:Palestinany goldamak Eýranyň Yslam Ynkylabynyň esasy gymmatlyklaryndandyr

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Palestinanyň zulum astyndaky milletini we kudusy goldamak yslam ynkylabynyň esasy gymmatlyklaryndan we strategik usullaryndandyr diýdi.

şu Ali Akbar Welaýati yslam ynkylabynyň 40-nji ýyllygynda Palestinany goldamak öňkilerden beter üns merkeze alynjakdyr diýmek bilen bu günki gün yslam çydam toplumy gudratyň iň ýokary derejesinde durandyr we Sionist režimi öňkilerden beter synyp barýandyr diýip nygtady.

Welaýati sözüniň dowamynda Polşanyň paýtagty Warşawda geçirilýän Eýrana garşy maslahata yşarat edip bu maslahatda Amerika Eýrany sebitiň birinji meselesine öwürjek bolýandyr emma hakykatlara görä bu maslahatda garaşly döwletleriň Sionist režimini ykrar etmeklerine mümkinçilik dörediljek bolýandyr diýip nygtap geçdi.