Ruhani:terrorizme garşy göreşmek we Siriýada howpsuzlygy berkarar etmek bilelikdäki maksatdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4733-ruhani_terrorizme_garşy_göreşmek_we_siriýada_howpsuzlygy_berkarar_etmek_bilelikdäki_maksatdyr
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani Eýran,Orsýet we Türkiýäniň bilelikdäki maksady terrorizme garşy göreşmek we Siriýada durnuklylygy we howpsuzlygy berkarar etmekdir diýiň yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 15, 2019 14:05 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:terrorizme garşy göreşmek we Siriýada howpsuzlygy berkarar etmek bilelikdäki maksatdyr

Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani Eýran,Orsýet we Türkiýäniň bilelikdäki maksady terrorizme garşy göreşmek we Siriýada durnuklylygy we howpsuzlygy berkarar etmekdir diýiň yglan etdi.

prezident Ruhani düýn Eýran,Orsýet we Türkiýäniň prezidentleriniň Soçi-da geçiren bilelikdäki maslahatlaryndan soň habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde bu maslahatdan razylygyny beýan etmek bilen Soçi maslahatynda Siriýanyň galan sebitlerinde şol sanda Idlibde terrorizme garşy göreşmek barada gürrüň boldy we Siriýanyň bir bölegi bolýan Idlibi hem terrorçylardan arassalamak barada bir meňzeş garaýyşa gulluk edildi diýip nygtady.

preziden Ruhani şeýle-de Siriýa meselesiniň harby çäresi ýokdyr diýmek bilen Tehran,Moskwa we Ankara döwletleri Siriýada howpsuzlygyň berkarar bolmagyny we bu ýurduň kanuny döwleti bilen arkalaşyk etmekligi isleýändirler diýip sözüne goşdy.