Eýran bilen Hytaýyň parlament başlyklarynyň duşuşygy
Eýranyň mejlis başlygy Ali larijani hytaýyň parlament başlygy Şi Žan Şu bilen geçiren duşuşygynda iki ýurdyň dostlykly gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtamak bilen Tehran döwleti köpugurlarda Pekin bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýardyr diýip yglan etdi.
Ali larijani Hytaýyň parlamentiniň sylagy babatly gadyrdanlygyny bildirmek bilen Eýran bilen Hytaýyň gatnaşyklary mydama dostlyk esasynda bolandyr diýip nygtady.
Larijani sözüniň dowamynda Hytaý saparyndan yzarlanýan maksadyň iki ýurdyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegidir diýmek bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Eýran taýýardyr diýip beýan etdi.
Hytaýyň parlament başlygy Şi Žan Şu hem bu duşuşykda Eýran bilen Hytaýyň gadymy gatnaşyklaryna yşarat edip iki ýurdyň iki müň ýyllyk gatnaşyklarynda hiç haçan dawa we agzalalyk ýüze çykandäldir diiýp nygtap geçdi.