Larijani: bütindünýä meseleleri barada Eýran bilen Hytaýyň garaýyşlary bir ugurdadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4758-larijani_bütindünýä_meseleleri_barada_eýran_bilen_hytaýyň_garaýyşlary_bir_ugurdadyr
Eýranyň mejlis başlygy Ali larijani sebit we halkara meseleleri barada Eýran bilen Hytaýyň garaýyşlary bir ugurdadyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Feb 21, 2019 21:23 Asia/Ashgabat
  • Larijani: bütindünýä meseleleri barada Eýran bilen Hytaýyň garaýyşlary bir ugurdadyr

Eýranyň mejlis başlygy Ali larijani sebit we halkara meseleleri barada Eýran bilen Hytaýyň garaýyşlary bir ugurdadyr diýdi.

öten agşam Ali Larijani Hytaý saparyny tamamlap Tehrana gelen badyna mehrabad howa menzilinde beren gürrüňlerinde bu saparyň gidişinde parlamentara we döwletara gowy gepleşikler geçirildi diýip nygtady.

Ali larijani Hytaýyň prezidenti bilen geçiren duşuşygynda hem ikitaraplaýyn meseleler barada pikir alyşanlygyny aýtdy.

Larijani şeýle-de Hytaýyň resmileri bilen geçiren duşuşyklarynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ugurda emeli çäreleriň ýola berilmegini nygtap geçenligini aýtdy.

Hytaýyň halk mejlisiniň başlygy Li Žan Şu-niň çakylygy boýunça Pekine sapar eden Ali Larijani Hytaýly kärdeşi bilen duşuşmakdan aýry bu ýurdyň prezidenti Şi Jin Ping bilen hem duşuşyp gürrüň edendir.