Bahrami: Çabahar porty sebitleýin hyzmatdaşlygyň gowy nusgasydyr
(last modified Sun, 24 Feb 2019 13:55:47 GMT )
Feb 24, 2019 18:55 Asia/Ashgabat
  • Bahrami: Çabahar porty sebitleýin hyzmatdaşlygyň gowy nusgasydyr

Eýranyň Kabuldaky ilçisi Muhammet reza Bahrami Eýranyň günortagündogarynda ýerleşen Çabahar porty sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi dogrysynda merkezi Aziýanyň we ondan aňyrrakdakylaryň geljegine mynasyp ýol bolup bilýär diýdi.

şu gün Eýranyň Kabuldaky ilçisi Muhammet reza Bahrami Owganystanyň ilkinji eksport ýüküniň Çabahar portyndan Hindistana iberilmegine bagyşlanyň geçirlen dabarada beren gürrüňlerinde bu iş Eýran, Owganystan we Hindistanyň başlyklarynyň hümmeti we tagallasy bilen bolandyr diýdi.

geçen ýyl şeýle bir günlerde Hindistanyň ilkinji bugdaý ýüki Çabahar arkaly Owganystana iberildi. şeýle halda bu günki gün Çabahar ýolundan ýük iberilmegi dowam edýändir diýip Eýranyň Owganystandaky ilçisi Muhammet reza Bahrami sözlerine goşdy.

Tags