Arap bileleşiginiň baş sekretary Eýrana garşy toslamalary ileri sürdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4789-arap_bileleşiginiň_baş_sekretary_eýrana_garşy_toslamalary_ileri_sürdi
Arap bileleşiginiň baş sekretary Ahmat Abulgeýz Saud Arabystan we Birleşen Arap Emirlikleriň resmileriniň göwünlerini awlamak ugurda Eýrany Siriýa,Ýemen we Liwiýa ýurtlaryň içeri işlerine gatyşmakda aýyplady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 25, 2019 18:37 Asia/Ashgabat
  • Arap bileleşiginiň baş sekretary Eýrana garşy toslamalary ileri sürdi

Arap bileleşiginiň baş sekretary Ahmat Abulgeýz Saud Arabystan we Birleşen Arap Emirlikleriň resmileriniň göwünlerini awlamak ugurda Eýrany Siriýa,Ýemen we Liwiýa ýurtlaryň içeri işlerine gatyşmakda aýyplady.

Ahmat Abulgeýz düýn Müsüriň Şarm Al-Şih şäherinde geçirilen Arap-Ýewropa maslahatynyň ýanynda beren gürrüňlerinde Türkiýäni hem Eýran ýaly Siriýa,Ýemen we Liwiýa ýurtlarnyň içeri işlerine gatyşmakda aýyplady.

Arap bileleşiginiň baş sekretary şeýle-de Arap Bileleşigi Ýewropa Bileleşigi bilen bir hatarda Liwiýa,Siriýa we Ýemen ýurtlary barada bir meňzeş alada gulluk edýändir diýip sözüne goşdy.

Ahmet Abulgeýz mundan ozal hem Arabystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriň uguryna gidip Eýrany Arap dünýäsiniň amanlygyna howp hasaplapdy.

Arabystanyň patyşasy Salman Bin Abdulaziz hem Şarm Al-Şih maslahatynda Ýemeniň güýçleri Eýranyň bejeren 200 balestika raketasyny Arabystanyň şäherlerine tarap atandyr diýip toslady.

Salman Bin Abdulaziz şeýle-de Eýrany sebit ýurtlarynyň içeri işlerine gatyşmakda aýyplandyr.