Mar 02, 2019 18:44 Asia/Ashgabat
  • Iňlisiň Liwan Hizbullasyna garşy hereketini Eýran ýazgardyan

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bahram Gasemi iwan Hizbullasynyň adyny terrorçy toparlar listesine goşmak baradaky Iňlisiň tutan tutumyny ýazgarmak bilen bu hereket Liwan ilatynyň uly göwrümini görmezlik etmek we bu burdyň syýasy we edary düzüminde Hizbullany görmezlik etmek manysyndadyr diýidi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bahram Gasemi Hizbulla Liwanda halk içinde we köpçülikde ýokary oruna eýedir diýmek bilen Hizbulla Liwanyň başga partiýalary ýaly saýlawlara goşulyp we kanuny we resmi işleri şol sanda şäher häkimleriň hemde iş bileleşikleriň saýlawlaryna goşulyp önjeýli we işjeň rolyny ýerine ýetirip durandyr diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sözüniň dowamynda Hizbullanyň hut özi tekfiri we sionizm terrorizmiň gurbanydyr diýmek bilen Liwanyň milli häkimiýetini we toprak bitewiligini goramak baradaky aýdyň geçmişi babatly Liwan Hizbullasy bu ýurdyň we sebit milletleriniň arasynda köp hemaýatlardan paýlydyr diýip beýan etdi.

Tags