Eýran bilen Hytaýyň bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk komisiýasy
Eýran bilen Hytaýyň bilelikdäki 17-nji ykdysady hyzmatdaşlyk komisiýasy şu gün Eýranyň ykdysadyýet we maliýe ministri bilen Hytaýyň bezirgenlik ministrniň gatnaşmagynda geçirildi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň ykdysadyýet we maliýe ministri Farhad Dežpasand bilen Hytaýyň bezirgenlik ministri Žang Şan ýaňky komisiýanyň gidişinde iki ýurdyň maýa goýumlyk, söwda, maliýe we bank, aragatnaşyklar, energiýa, daşky gurşaw, oba hojalyk, ylym, öwrediş, medeniýet we syýahatçylyk ugurlardaky hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi baradaky ýollara garadylar.
Dežpasand bilen Şan şeýle-de Tehran-Pekiniň söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugurdakyähtimallaýyn böwetleriň aýrylmagyny nygtap geçdiler.
Eýran bilen Hytaýyň bilelikdäki 17-nji komisiýasynyň ýanynda iki ýurdyň bezirgenlik otaklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk senede hem gol çekildi.