Alawi: Sepah Pasdarana garşy Amerikanyň tutumynyň täsiri bolmaz
Eýranyň aňtaw ministri , Yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň, ýaragly güýç höküminde galdyrýan täsirleriniň köp bölümi Eýranyň içindedir şonuň üçin Amerikanyň tarapyndan Sepah Pasdaranyň terrorçy adynda yglan edilmeginiň onuň edýän işlerine we gudratyna hiç hili täsiri boljak däldir diýdi.
Seýed Mahmud Alawi, Eýran ilatynyň, yslam ynkylabynyň Sepah Pasdarany bilen birleşikde ýürekdeşlik bildirýändiklerine yşarat edip , Amerikanyň ýaranlary, Eýran bilen gepleşik geçirilmegini teklip edýärler sebäbi Amerikanyň prezidentiniň bütin galmagalyna garamazdan elinden iş gelmejekdigini düşünendirler diýdi.
Alawi , Yslam respublikasynyň gudratynyň, milletiň imanyndan we ýolbaşçydan gözbäş alandygyny aýdyp Eýranyň milleti gudrat bilen öz ýolyny dowam edýär şonuň üçin Amerikanyň edýän tagallalarynyň hiç bir netijesi boljak däldir diýip sözlerine goşdy.