Apr 17, 2019 20:10 Asia/Ashgabat
  • Mertebesi belent Ýolbaşçy: Eýran goşuny bilen Sepah Pasdaranyň birek-birege doganlyk ellerini bermegi owadan işdir

Eýranyň bütin güýçleriniň başserkerdesi , Eýranyň ýaragly güýçleriniň gün geçdigiçe artýan birleşigini gerekli we duşmanyň gazaba çykmagyna sebäp bilip Amerikalylaryň pis işlerinden soň goşun bilen Pasdarlar Sepanyň doganlyk ellerini bermekleri owadan iş boldy diýdiler.

Eýranyň bütin güýçleriniň başserkerdesi Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri şu gün goşun we gury ýer güýjiň serkerdeleriniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde bu günki goşuny hemişekilerden dindarrak we başarjaňrak bilip goşun bilen ýaragly güýçleriň sil hadysasyna uçran ilata meded ýetirmekde täsirli bolmaklaryndan gadyrdanlyk edip her bir iş duşmany gazaba çykarsa gowy we dogry  işdir emma ol bir tarapdan hemmeler duşmanyň ruhyýesini berkitýän işlerden saklanmalydyrlar diýip sözüne goşdylar.

Eýranyň bütin güýçleriniň başserkerdesi Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri Amerikalylaryň Eýran Yslam respublikasyna garşy puç gürrüňleriniň maksadyny umumy ruhyýäni ejizletmek bilip Amerika ýüzmüňlerçe milliard bergili bolup dürli kynçylyklarda giriftar bolandyr şeýle halda Karolina ýaly sebitlerde bolan sil we tupandan näçe ýyl geçen bolsada henizem şol kynçylyklara ýetişiklik edip onuň ýerini dolduryp başaran däldirler emma Eýran milletiniň ruhyýesini ejizletmek üçin puç gürrüňlerini aýtýandyrlar diýip ýatlara berdiler.Eýranyň bütin güýçleriniň başserkerdesi Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri şeýle-de Eýranyň goşuny bilen ýaragly güýçleriniň sebitleýin huzurlaryna we duşmanlaryň pitnelerine garşy göreşýändiklerine yşarat edip goşun bilen Sepah Pasdaran, DAEŞ toparyna garşy göreşmän bolsadylar bu günki gün sebitiň we goňşy ýurtlaryň ýagdaýlary nähili bolardy? we kimler oňa hökümet ederdiler diýip sorag berdiler.

Tags