Ruhani:sepah pasdarany terrorçy tanamaklyk Amerikanyň hilesidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5067-ruhani_sepah_pasdarany_terrorçy_tanamaklyk_amerikanyň_hilesidir
yslam Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüni terrorçy güýç tanamak barada Amerika döwletiniň ýola beren işini gaty ýaramaz iş bilmek bilen Eýranyň ýaragly güýçlerine we sepah güýjüne her hili hormatsyzlygyň edilmegi aslynda Eýran milletine hormatsyzlygyň edilmegi hökümindedir diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 18, 2019 12:45 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:sepah pasdarany terrorçy tanamaklyk Amerikanyň hilesidir

yslam Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüni terrorçy güýç tanamak barada Amerika döwletiniň ýola beren işini gaty ýaramaz iş bilmek bilen Eýranyň ýaragly güýçlerine we sepah güýjüne her hili hormatsyzlygyň edilmegi aslynda Eýran milletine hormatsyzlygyň edilmegi hökümindedir diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şu gün goşun güýç güni mynasybetli ýola berilen harby ýöriş dabarasynda beren gürrüňlerinde bu günki gün Amerika bilen Sionist režimi sebitde öz mili bähbitleriňden arka çykmaklygyň,doganlygyň,agzy birligiň,parahatçylygyň we durnuklylygyň bolmagyny islemeýärler diýip yglan etdi.

geçen 18 ýyllykda Amerikalylaryň sebitde ýola beren işleri we harby hereketleri sebit ýurtlarynda şol sanda Owganystan,Yrak,Liwan,Siriýa we Ýemen ýurtlarynda betbagtçylykdan we weýranalykdan başga netijäni çykaran däldir diýip prezident Ruhani aýtdy.

Amerika bilen onuň sebitdäki ýaranlary şeýle-de Sionist režimi olaryň tarapyndan uruşýan terrorçylary sebit milletleri sebitden çykaryp bilmezler diýip  güman edýärdiler emma sebit milletleri terrorçylary öz topraklaryndan kowup çykardylar bu bolsa Amerikalylar üçin gaty agyr degendir diýip prezident Ruhani aýtdy.

Eýrana möhüm bolup durýan zat olda sebit ýurtlaryň durnuklylygy,parahatlylygy we terrorçylaryň ýok edilmegidir Hasan Ruhani sözlerine goşdy.

şu gün Eýranyň boýdan başy bilen zamandaş Eýranyň paýtagty Tehranda geçirilen harby ýöriş dabarasynda Eýranyň ýaragly güýçleriniň başarnygy tomaşa goýuldy şeýle-de Eýranyň içinde bejerilen harby uçarlar birinji gezek üçin bu myrasym da huzurly boldylar.