Zarifyň sebit ýurtlaryna bolan sapary soňlady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5068-zarifyň_sebit_ýurtlaryna_bolan_sapary_soňlady
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Siriýadan soň Türkiýe ýurduna eden saparynda türk resmileri bilen geçiren duşuşyklarynda iki taraplaýyn,sebit we halkara meseleleri barada hem-de Amerikaly harbylaryň Siriýadaky huzurlary hakda gürrüň etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Apr 18, 2019 17:41 Asia/Ashgabat
  • Zarifyň sebit ýurtlaryna bolan sapary soňlady

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Siriýadan soň Türkiýe ýurduna eden saparynda türk resmileri bilen geçiren duşuşyklarynda iki taraplaýyn,sebit we halkara meseleleri barada hem-de Amerikaly harbylaryň Siriýadaky huzurlary hakda gürrüň etdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Türkiýäniň paýtagty Ankaradan dolanjak mahaly beren gürrüňlerinde Amerikanyň ýola beren gadaganlyklaryna garamazdan Eýran bilen Türkiýe dürli meseleler barada şol sanda gümrük tölegleri,energiýa,bank işleri,söwda dolanşygy,iki ýurduň milli pullaryndan peýdalanmak hem-de INSTEXiň galybyndaky iki taraplaýyn arkalaşyklar hakynda hyzmatdaşlyk saklajakdyrlar diýip yglan etdi.

Türkiýe resmileri bilen şeýle-de Siriýa we Idlib barada we Amerikanyň Wenezuela ýurdunyň içeri işlerine goşulmagy hem-de Afrikanyň demirgazygynyň ýagdaýy barada gürrüň etdik diýip Zarif sözüne goşdy.

Eýranyň daşary işler ministri Türkiýe saparyndan ozal Siriýa ýurduna baryp bu ýurduň resmileri bilen duşuşypdy.