Tehran bilen Baku özara söwda gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar
Eýranyň söwda we senagat ministri Reza Rahmani özüniň Azerbaýjan Respublikasyna eden saparynda bu ýurduň prezidenti Ylham Aliýew bilen duşuşyp iki ýurduň arasyndaky söwda we senagatlyk hyzmatdaşlyklaryň ösüş ýollary barada gürrüň etdi.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň söwda we senagat ministri Reza Rahmani bilen Ylham Aliýew bu duşuşykda şeýle-de maýa goýum,söwda hyzmatdaşlyklary hem-de iki taraplaýyn we sebitleýin meseleler barada pikir alyşyp berişdiler.
bu duşuşykda Rahmani Eýranyň silden zyýan gören ýerlerine Azerbaýjan Respublikasynyň eden kömeklerinden gadyrdanlyk etmek bilen senagat,söwda we maýa goýum bölümlerde iki ýurduň arasynda ele gelen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini nygtady.
bu duşuşykda iki ýurduň ortak serhetlerinde bilelikde bir senagatlyk sebitiň ýola goýulmagy baradaky Eýranyň söwda we senagat ministriniň beren teklibini Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti garşy aldy.taraplar soň bu meseläniň jikme jiki hakynda gürrüň etdiler.