Zangane:Amerikanyň nebit gadaganlyklary Eýran milleti bilen duşmançylyk etmek manysyndadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5126-zangane_amerikanyň_nebit_gadaganlyklary_eýran_milleti_bilen_duşmançylyk_etmek_manysyndadyr
Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Bižan Zangane Amerikanyň Eýranyň nebiti eksportyna garşy ýola beren gadaganlyklaryny Eýran milleti bilen duşmançylyk etmek höküminde bildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 26, 2019 13:54 Asia/Ashgabat
  • Zangane:Amerikanyň nebit gadaganlyklary Eýran milleti bilen duşmançylyk etmek manysyndadyr

Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Bižan Zangane Amerikanyň Eýranyň nebiti eksportyna garşy ýola beren gadaganlyklaryny Eýran milleti bilen duşmançylyk etmek höküminde bildi.

Zangane şeýle-de dünýä bazarlarynda Eýranyň nebitiniň ýerini Arabystan bilen Birleşen Arap emirlikleriň doldurjakdyklary baradaky gürrüňe yşarat etmek bilen elbetde olar öndürýän nebitleriniň möçberini uly görkezýändir we olaryň bu mukdarda artykmaç nebit öndürip bilmekleri mümkin däldir diýip yglan etdi.

Eýranyň nebit muşterlerine berilen möhlet Maý aýyndan uzaklaşdyrylmaz diýip geçen duşenbe güni Amerika döwleti yglan etdi.

soňky wagtlarda Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo bir habar konferensiýada eden çykyşynda Arabystan bilen Birleşen Arap Emirlikleriň Eýranyň nebit eksporty togtadylan ýagdaýynda dünýä bazarlaryndaky nebit kemçiliginiň ýeri doldurmak üçin söz berendirler diýip yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasy Amerika döwletiniň öz haramy niýetine ýetmejekdigini nygtady.