Apr 27, 2019 19:28 Asia/Ashgabat
  • Mosawi: Amerika bilen gepleşik geçirmek üçin Eýran isleg bildiren däldir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili , Eýranyň Amerika bilen gepleşik geçirmäge isleg bildirmegi barada şeýle-de Arabystan bilen gepleşik geçirip başlamagy barada daşary ýurtly käbir habar serişdeleriň beren habarlaryny esassyz bildi.

Seýed Abbas Mosawi ýaňky toslamalar barada habarçylaryň beren soraglaryna jogap bermekde Amerika bilen söhbetdeşlik geçirmek barada Eýran tarapyndan hiç hili isleg bildirlen däldir we Arabystan tarapy bilen hem haç meselesinde aýry hiç mesele hakynda gürrüň edýän däldiris   elbetde haç meselesi hem iki ýurdyň syýasy gatnaşyklaryndan jida edilendir diýip yglan etdi.

Arabystan sebitiň bir möhümýurdydyr ýöne soňky ýyllarda özüniň nädogry syýasatlary bilen sebit milletleri üçin uly kynçylyklary dörändir diýip Mosawi sözlerine goşdy.

Tags