Ruhani:Eýranyň nebit eksportynyň öňüni almak baradaky Amerikalylaryň tutumy ýalňyşdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Eýranyň nebit eksportynyň öňüni almak baradaky Amerikalylaryň tutumy ýalňyş tutumdyr diýdi.
şu gün Tehranda ökde işçiler we işlerinde abraý gazanan iş bölümleriniň wekilleriniň hatyryna geçirilen 30-nji milli baýramçylykda gürrüň beren Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Amerika döwleti özüniň berýän basyşlaryny artdyryp Eýranyň nebit eksportynyň öňüni almak bilen Eýranyň nebitden gazanýan walýutalaryny azaltjak bolýandyr diýip beýan etdi.
prezident Ruhani Amerika döwleti Eýranyň daşary harytlara bolan mätäçliklerini artdyrjak bolýandyr diýmek bilen işçilere Amerika garşy göreşiň öň hatarynda hereket edýän güýçler diýip ynam bildirdi.
Ruhani sözüniň dowamynda Amerikalylar geljekde hem Eýranyň öz nebitini eksport etjekdigini görerler diýmek bilen Amerikanyň basyşlarynyň garşysynda kä ýurtlar yza çekilendirler emma Eýran milleti ynkylabyň deslapky günlerinden başlap Amerikanyň garşysynda durandyrlar diýip yglan etdi.
basyşlaryň garşysynda durmak üçin döwlet bilen millet biri birileriniň arkasynda durmalydyrlar sebäbi döwletiň güýç kuwwaty milletden we işçileriň zähmet çekýän gollaryndan göz baş alýandyr oňa görä işçiler zähmet çekip önümi ýokary galdyrsalar ilatyň ýaşaýyşy we döwletiň ykdysady güýji gowlaşar diýip Eýranyň prezidenti aýtdy.