Jahangiri:Eýranyň ykdysadyýetini dyza çökertmek ugurda Amerikalylaryň edýän işleri şowuna bolmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5158-jahangiri_eýranyň_ykdysadyýetini_dyza_çökertmek_ugurda_amerikalylaryň_edýän_işleri_şowuna_bolmaz
Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Ishak Jahangiri Eýranyň ykdysadyýetini dargatmak ugurda Amerikalylaryň yzarlaýan işlerini şowuna bolmajak işler bildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 30, 2019 13:04 Asia/Ashgabat
  • Jahangiri:Eýranyň ykdysadyýetini dyza çökertmek ugurda Amerikalylaryň edýän işleri şowuna bolmaz

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Ishak Jahangiri Eýranyň ykdysadyýetini dargatmak ugurda Amerikalylaryň yzarlaýan işlerini şowuna bolmajak işler bildi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,gadaganlyklary arka atmakda erkin söwda sebitleriň roly diýen konferensiýada gürrüň beren Ishak Jahangiri Eýranyň nebit eksportynyň öňüni almak ugurda Amerikanyň edýän tagallalaryna yşarat edip Amerikalylar Eýranyň nebitden gazanýan gazanjyny azaldyp Eýrana berilýän basyşlary artdyrjak bolýandyrlar emma olaryň bu ugurda edýän tagallalary şowuna bolmaz diýip beýan etdi.

Amerikalylar bir tarapdan Eýranyň içinde närazyçylygy artdyrjak bolup bu işleri edýändirler aýry bir tarapdan hem Saud hem-de Sionist režimleri Eýrana garşy howply herekete baş goşmak barada Amerika döwletini öjükdirýändirler  diýip Jahangiri aýtdy.

ol eýranyň dostlarynyň kändigine yşarat edip bu meselede Birleşen Arap Emirlikleri,Arabystan we Sionist režiminden aýry hiç bir tarap Amerikanyň işlerine goldaw berýän däldir diýip sözlerine goşdy.