Bageri:Eýran bilen Yrak Yslam dünýäsiniň iki möhüm ýurdydyr
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serleşger Muhammet Bageri Eýran bilen Yragyň gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň zerurlygyny nygtamak bilen bu iki ýurdyň Yslam dünýäsinde we Aziýanyň günbatarynda iki täsir galdyryjy we möhüm ýurtdygyny aýtdy.
serleşger Bageri şu gün Yrakly harby topar bilen geçiren duşuşygynda Yragyň howpsuzlygyny,parahatçylygyny we ösüşini Eýran Yslam Respublikasynyň howpsuzlygy we ösüşi hasaplamak bilen Eýranyň bar kuwwaty bilen Yragyň milleti we döwletiniň ýanynda duranlygyny belläp geçdi.
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy sözüniň dowamynda Eýran bilen Yragyň ýaragly güýçleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegini isledi.
bu duşuşykda Yrak goşunynyň howa güýjüniň serkerdesi Hamed Atiýe Howin hem Eýrana gurnan sapary we Eýranlylar tarapyndan gowy garşy alynmagy babatly hoşallygyny yglan etmek bilen Eýran bilen Yragyň gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini talap etdi.