Eýran milleti döwletiň amala aşyran işini goldap ýöriş geçirdiler
(last modified Fri, 10 May 2019 12:01:11 GMT )
May 10, 2019 17:01 Asia/Ashgabat
  • Eýran milleti döwletiň amala aşyran işini goldap ýöriş geçirdiler

şu gün Eýranyň ynkylabçy we musulman milleti ýurduň boýdan başynda juma namazy okamaklaryndan soň geçiren ýol ýörişlerinde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky Eýranyň käbir jogapkärçilikleriniň Tehran tarapyndan ýatyrylmagyna özleriniň hemaýat berýändiklerini yglan etdiler.

Eýran milleti ýurduň dürli şäherlerinde juma namazy okamaklaryndan soň geçiren ýol ýörişlerinde ölüm bolsun Amerika we ölüm bolsun Sionist režime diýen şygarlary perýat etmek bilen Amerika we Ýewropanyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky borçlarynda tapylmazlyklaryny ýazgaryp olaryň bu işlerine Eýranyň has berkräk gaýtawuly görkezmegini nygtadylar.

bu ýörişe gatnaşan Eýran milleti ýörişiň soňunda çykaran beýannamalarynda Amerikaly resmilere ýüzlenmek bilen duşmanyň Eýrana garşy ätimallýyn hereketlerine Eýran milletiniň berk gaýtawul görkezjekdigini nygtadylar.

Eýran geçen çarşenbe Maý aýyň 8 güni ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky özüniň jogapkärçilikleriniň käbirisini ýatyrmak bilen bu ylalaşykdaky döwletlere şol sanda Ýewropalylara öz boluşlaryny düzeltmekleri barada 60 gün möhlet berdi.