Zarif: Tehran, Waşington bilen gepleşige girişmez
Amerika, ýadro ylalaşygy baradaky ygrarynda dyryup borçlaryna amal etmese Tehran döwleti Waşington bilen gepleşige giriş,ez diýip Eýranyň daşary işler ministri yglan etdi.
Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň CNN tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran Yslam respublikasy Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky Amerikanyň döwleti bilen gepleşige girişmez diýip nygtady.
Zarif sözüniň dowamynda Aziýanyň günbatarynda Amerikanyň amala aşyrýan öjükdiriji hereketleri barada duýdyryş bermek bilen Waşington döwleti sebitdäki harby huzuryny artdyrmak bilen gaty howply oýuny ýola berendir diýip beýan etdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şeýle-de Amerikanyň USS Abraham Linkoln naw toparynyň hemde bu ýurdyň bomba atyjy birliginiň Aziýanyň günbatar sebitine iberilmegini tankyt edip bu harby baýlyklaryň hemmesiniň bir kiçi sebitde ýerleşdirilmeginiň özi hadysalara ýakyn bolup durandyr diýip nygtap geçdi.