Zarif: Amerikanyň Eýran milletine garşy ykdysady uruşynyň terrorizm bilen parhy bolmaz
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň Eýran milletine garşy ykdysady uruşynyň amal ýüzünde terrorizm bilen parhy bolmaz diýdi.
Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň CNN tele kanaly bilen geçiren ýörite söhbetdeşliginde Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň soňky wagtlarda Eýran bilen ykdysady uruşdadygyny yglan edendir diýmek bilen ykdysady uruş Eýran ilatyna kast etmek we olaryň gün-güzeranyny kynçylyga düşürmek manysyndadyr bu hili iş bolsa terrorizme deň gelýändir diýip nygtady.
Muhammet Jawad Zarif sözüniň dowamynda terrorizmi goldamak barada Eýrana ýapylýan aýyplama hem yşarat edip Amerika we onuň ýaranlary Aziýanyň günbatarynda Alkaida, Taliban, DAEŞ we Jiphätonnosra toparlary goldaýandyrlar emma Eýran DAEŞ we Alkaida toparlarynyň öňünde durup olara garşy söweşdi diýip yglan etdi.