Aragçi: sebit ýurtlary Amerikanyň howplary barada hüşgär bolsunlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5298-aragçi_sebit_ýurtlary_amerikanyň_howplary_barada_hüşgär_bolsunlar
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi Amerikanyň , Eýrana garşy sanksiýalar syýasaty bütin sebitiň howpsyzlygyna howp abandyrýandyr şonuň üçin sebit ýurtlary şeýle howpyň garşysynda hüşgär bolmalydyrlar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 27, 2019 15:49 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: sebit ýurtlary Amerikanyň howplary barada hüşgär bolsunlar

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi Amerikanyň , Eýrana garşy sanksiýalar syýasaty bütin sebitiň howpsyzlygyna howp abandyrýandyr şonuň üçin sebit ýurtlary şeýle howpyň garşysynda hüşgär bolmalydyrlar diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi Kuweýtiň premýer ministrniň orunbasary we bu ýurdyň daşary işler ministri Şyh Sabah halid Alhamad Alsabah bilen geçiren duşuşygynda Eýran Yslam respublikasynyň Pars aýlagy sebitinde ýaraşyk we durnuklylygyň berkarar bolmagy baradaky usully syýasatyna yşaratedip howpsyzlyk meselesi köp zatlary öz içine alýandyr we syýasydyr ykdysady meseleler hem bir wagtda onuň içine girýändirler diýdi.

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi sebit ýurtlary bilen geňeşmek Eýranyň daşary syýasatynyň usulydyr şu esasda Eýran Yslam respublikasy sebitleýin çözgüt ýollar boýunça sebit ýurtlary bile oňyn gepleşikleri geçirip hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip sözlerine goşdy.

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi sebitleýin saparlarynyň dowamynda şu gün Kuweýte bardy.