Mosawi: Pars Aýlagyndaky ýurtlar bilen gepleşik geçirmäge Eýran taýýardyr
(last modified Mon, 10 Jun 2019 10:23:56 GMT )
Jun 10, 2019 15:23 Asia/Ashgabat
  • Mosawi: Pars Aýlagyndaky ýurtlar bilen gepleşik geçirmäge Eýran taýýardyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Mosawi Eýran Yslam Respublikasy Pars Aýlagyň ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň ýekän- ýekäni bilen ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler barada gürrüň etmäge taýýarlygy bardy we henizem bardyr diýip yglan etdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Mosawi hepdelik habar konferensiýasynda eden çykyşynda Pars Aýlagyň ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň wekilleriniň ýadro ylalaşygyndaky ýurtlaryň Eýran bilen geçirýän gepleşiklerine gatnaşmaklary barada Birleşen Arap Emirlikleriň daşary işler ministrniň aýdan gürrüňiniň jogabynda sebitleýin gepleşikler ýygnagyny gurmak we el gatmazlyk şertnama gol çekilmegi baradaky Eýranyň daşary işler ministrniň ileri süren teklibi Pars Aýalagyň ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň Eýran bilen gepleşikleriň geçirilmegine başlangyç bolup biler diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Mosawi Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Eýrana garşy gürrüňlerine hem yşarat edip Trampyň ýolbaşçylygyndaky Waşington döwleti bikanun şeklinde ýadro ylalaşygyndan çykmagy bilen Eýrany buryp biljek ýagdaýynda däldir diýmek bilen Tramp Eýrana garşy agyr ykdysady basyşlary ýola bermek bilen bir wagtda Eýran bilen gepleşik geçirmekden agzan bolýandyr diýip beýan etdi.